Turkmenportal logo
24.01.25
2327023270
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Basketbol federasiýasy «Serhetsiz basketbol» lagerine gatnaşmak üçin dalaşgärleri saýlap almaklygy yglan etdi
Türkmenistanyň Basketbol federasiýasy «Serhetsiz basketbol» lagerine gatnaşmak üçin dalaşgärleri saýlap almaklygy yglan etdi

Türkmenistanyň Basketbol federasiýasy 2008-nji ýylda doglan ýaş basketbolçylaryň (oglanlaryň we gyzlaryň) arasyndan Serhetsiz basketbol («Basketball Without Borders Asia Camp 2025») atly Aziýanyň abraýly halkara lagerine gatnaşmak üçin dalaşgärleri saýlap almaklyga başlandygyny yglan etdi. Bu barada Türkmenistanyň Basketbol federasiýasynyň metbugat gullugy habar berdi.


Saýlap almaklyk Milli basketbol assosiasiýasy (NBA) we Halkara basketbol federasiýasy (FIBA) bilen bilelikde geçiriler.


Gatnaşmak üçin 26-njy ýanwar 2025-nji ýyla çenli mailto:tkmbasket98@gmail.com elektron poçta salgysyna şulary ibermeli: daşary ýurt pasportynyň reňkli skanirlenen nusgasyny, basketbol lybasyndaky 3x4 ölçegdäki suratyny, boýy, agramy we oýunçynyň oýundaky orny barada maglumatlar, şeýle hem oýun pursatlary görkezilen wideoşekilli roligi.