Turkmenportal logo
18.01.25
1811518115
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Samsung» smartfonlaryna täze güýç beriji ornaşdyrar
Surat: icma.az

2026-njy ýylda «Samsung» korporasiýasy kremniý-uglerod batareýaly smartfonlary öndürip başlar. Bu barada «SamMobile» saýtyna salgylanýan «MIR 24» habar berýär.


Häzirki wagtda bu koreý kompaniýasy dünýädäki beýleki öndürijileriň köpüsi ýaly, litiý-ion akkumulýatorly el telefonlaryny öndürýär. Indi kompaniýanyň inženerleri senagatda öwrülişik döretjek kremniý-uglerodly batareýalary döretmäge golaýladylar.


«Ice Universe» neşiriniň ýazmagyna görä, şeýle batareýalaryň artykmaçlygy olaryň düzüminde kobalt, litiý we nikel ýaly daşky gurşawa zyýan ýetirýän seýrek magdanlaryň ýokdugydyr. Kremniý-uglerod batareýalar energiýanyň gysbylygyny üpjün edýärler, bu bolsa has ykjam akkumulýatorlary öndürmäge mümkinçilik berer.


Galyberse-de, täze görnüşdäki batareýalaryň ýene bir artykmaçlygy— olar seýrek gyzýar we partlama töwekgelçiligi az bolup durýar.