Turkmenportal logo
09.01.25
1379613796
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
San-Tome bilen Prinsipiniň Prezidenti Hökümet başlygynyň iş ýerinde bolmaýandygy üçin Hökümeti ýatyrdy
Surat: report.az

San-Tome we Prinsipi Demokratik Respublikasynyň Prezidenti Karluş Wila Nowa ýurduň Hökümetiniň işini ýatyrýandygyny habar berdi. Bu barada «STP-Press» döwlet habarlar gullugyna salgylanýan «Report» ýazýar.


Döwlet Baştutany gelen kararyny Ministrler Kabinetiniň işiniň täsirsizdigi we Premýer-ministr Patrisa Trowoadanyň häli-şindi iş ýerini terk edýändigi bilen düşündirdi.


Habarda Premýer-ministriň yzygiderli ýagdaýda ýurduň çäginden daşarda bolmagynyň döwletiň hem-de halkyň bähbidine ters gelýändigi, döwletiň gaznasynyň bihuda çykdajylaryna getirýändigi bellenýär. Ýagdaý bilen baglylykda, Karluş Wila Nowa Premýer-ministr Trowoadanyň ýolbaşçylyk edýän dolandyryjy «Garaşsyz demokratik partiýasyna» 72 sagadyň dowamynda Premýer-ministriň wezipesine başga dalaşgäri hödürlemegi teklip etdi.