Turkmenportal logo
08.01.25
3087930879
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Alp Arslan Begenjow erkin göreş boýunça Türkmenistanyň çempionatynda altyn medala mynasyp boldy

Türkmenbaşy şäherinde erkin we grek-rim göreşi boýunça Türkmenistanyň çempionaty tamamlandy.


Erkin göreş boýunça 79 kilograma çenli agram derejede final tutluşygynda Alp Arslan Begenjow Aşyr Kakamyradowy ýeňlişe sezewar edip, altyn medala mynasyp boldy. Bu agram derejede bürünç medal Abraý Şatlykowa nesip etdi.


Ýeri gelende ýatlatsak, Alp Arslan Begenjow 2024-nji ýylyň sentýabr aýynda Ispaniýanyň Pontewedre şäherinde geçirilen 20 ýaşa çenli ýaşlaryň arasynda dünýä çempionatynda hem altyn medala eýe çykmagy başarypdy.