Turkmenportal logo
30.12.24
1743417434
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Wladimir Baýramow Türkmenistanda ýylyň iň ökde tälimçisi diýlip ykrar edildi
Wladimir Baýramow Türkmenistanda ýylyň iň ökde tälimçisi diýlip ykrar edildi

Wladimir Baýramow Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň wersiýasy boýunça 2024-nji ýylyň möwsüminiň jemleri boýunça iň ökde tälimçisi diýlip yglan edildi. Bu barada TFF-nyň metbugat gullugy habar berýär.


Geçen möwsümde «Arkadag» futbol kluby Wladimir Baýramowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Ýokary ligasynyň, ýurduň Kubogynyň we Naýbaşy kubogynyň ýeňijisi boldy.


W. Baýramow 43 ýaşynda, ol 2023-nji ýylyň dekabryndan bäri «Arkadaga» ýolbaşçylyk edýär. Onuň ýolbaşçylygynda topar yzly-yzyna iki gezek Türkmenistanyň çempiony boldy, iki gezek ýurdumyzyň kubogyny we bir gezek Naýbaşy kubogy gazandy.