Turkmenportal logo
17.12.24
2367423674
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Eýranyň energetika ministri bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Eýranyň energetika ministri Abbas Aliabadiniň arasynda duşuşyk geçirildi. Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda berilýän habara görä, duşuşykda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk, hususan-da, energetika we gaz pudaklaryndaky özara gatnaşyklar bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.


60-dan gowrak eýran kompaniýasynyň önümleriniň hödürlenýän 16-njy ýöriteleşdirilen «Iran Agrofood» sergisiniň açylyş dabarasyna gatnaşmak maksady bilen Eýranyň energetika ministriniň Aşgabat şäherine amala aşyran saparynyň, şeýle hem türkmen-eýran işewürler forumynyň geçirilmeginiň ähmiýeti nygtaldy.


Şeýle hem taraplar hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi uly ugurlary boýunça pikir alyşdylar diýlip, habarda bellenilýär.