Turkmenportal logo
09.12.24
2423624236
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanda robototehnika bäsleşiginiň ýeňijileri sylaglanyldy

Düýn Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň goldawy bilen guralan ýaşlaryň arasynda iki günlük robototehnika boýunça bäsleşik tamamlandy. Bäsleşik ýurduň dürli künjeklerinden 270-den gowrak zehinli ýaşlary bir ýere jemledi.


Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, «PETRONAS Carigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasy tarapyndan döredilen Anymal X robotynyň görkezme çykyşy açylyş dabarasynyň iň gyzykly pursady boldy.


Mundan başga-da, «Imdat elektronik», «Gyýrat», «Milli ulgam», «Dana» we «Päk nesil» ýaly bilim merkezleriniň, ýöriteleşdirilen orta mekdepleriň okuwçylarynyň, şol sanda Berdimuhamet Annaýew adyndaky Harby mekdebiň okuwçylarynyň robototehnika pudagynda gazananlarynyň sergisi guraldy.



Bäsleşik aşakdaky dört ugur boýunça geçirildi: sumo-robotlar, ugra eýermek (gara çyzyk boýunça hereket edýän robotlar), labirint ýaryşy we toparlaýyn taslamalar.


Bäsleşigiň netijelerine görä, 1-nji, 2-nji we 3-nji orny eýelän 9 gatnaşyjy aýratyn derejelerde ýeňiji boldy. Toparlaýyn ýaryşda iň oňat taslamalara gatnaşan 9 adam baýrak aldy.


Sumo-robotlar:


Hajylyýew Eldar Kyýasowiç («Kämil Bilim okuw merkezi) – 1-nji orun


Baýramdurdyýew Ýusup (Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti) – 2-nji orun


Sapaýew Remezan (129-njy orta mekdebi, Aşgabat) – 3-nji orun


Hudaýnazarow Abdyllahalyk (86-njy orta mekdebi, Aşgabat) – 3-nji orun


Ugra eýermek (gara çyzyk boýunça hereket edýän robotlar):


Öwezow Pirguly (Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti) – 1-nji orun


Atamyradow Orazsähet Gurbanmuhanmedowiç (Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty) – 2-nji orun


Babajyýew Arslan Azadowiç (97-nji orta mekdebi, Aşgabat) – 3-nji orun


Öwezmyradow Imammuhammet (97-nji orta mekdebi, Aşgabat) – 3-nji orun


Labirint ýaryşy


Kakaýew Maksat (96-njy orta mekdebi, Aşgabat) – 1-nji orun


Ýagşymyradow Rozymyrat (27-nji orta mekdebi, Aşgabat) – 2-nji orun


Bahtyýarow Artur (129-njy orta mekdebi, Aşgabat) – 3-nji orun


Toparlaýyn taslamalar


Öwezow Pirguly, Kakajanow Maksat, Annageldiýew Oguzhan Rejep ogly (Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti) – 1-nji orun


Bäşow Söhbetmyrat Saparmyradowiç, Hajylyýew Eldar Kyýasowiç, Annamyradow Muhammet Yslamowiç («Kämil Bilim okuw merkezi) – 2-nji orun


Rejepow Mekan, Ýazmyradow Akmyrat, Toýjanow Arslanhan (Halkara nebit we gaz uniwersiteti) – 3-nji orun


Gowşurylyş dabarasynda ýeňijilere gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.