Turkmenportal logo
06.12.24
1374613746
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Tailandyň «Tom Ýam Kung» çorbasy ÝUNESKO-nyň bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi
Surat: report.az

Tailandyň Medeniýet ministrligi «Tom Ýam Kung» atly milli çorbanyň ÝUNESKO tarapyndan maddy däl dünýä mirasy hökmünde ykrar edilendigini habar berdi. Bu barada Tailandyň habar beriş agentligine salgylanýan «Report» ýazýar.


«Tom Ýam» taýlaryň däp bolup gelýän burçly çorbasydyr. Oňa, esasan, galanganyň köki, çili gyzyl burçy we lemongrass goşulýar. «Tom» sözi – suwda gaýnatmak, «Ýam» işdäaçar diýmegi aňladýar. Bu çorbanyň dürli görnüşi bar. ÝUNESKO-nyň sanawyna girizilen çorba krewetkadan taýýarlanýar.