Turkmenportal logo
02.12.24
2268622686
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Turkish Airlines»: dünýäniň islendik künjeginde Täze ýyl

«Turkish Airlines» awiakompaniýasy iň meşhur Täze ýyl ugurlaryna amatly uçuşlary hödürleýär.


Ýylylygy we Güneşi söýýänler üçin


Gyşyň sowugyndan ýadadyňyzmy? Maldiwler sizi gar ýaly ak kenarlary we Hindi ummanynyň göm-gök suwlary bilen garşylar. Tailanddaky kaşaň dynç alyş merkezleri ekzotik aşhana we spa bejergileri bilen ýatdan çykmajak dynç alşy sowgat eder. Güneşli Emirlikler bolsa ajaýyp baýramçylyk şüweleňleri we belent binalaryň üstündäki özüne çekiji feýerwerk bilen geň galdyrar.


Gyş ertekisiniň muşdaklary üçin


Nusgawy gyşy halaýanlar üçin «Turkish Airlines» Täze ýyl gurşawynyň merkezine ugurlary hödürleýär. Garly Finlýandiýa hakyky Santa Klausyňka myhmançylyga çagyrýar, Awstriýanyň we Şweýsariýanyň dag-lyža dynç alyş merkezleri bolsa täsin eňňitleri hem-de ojagyň başynda rahat agşamlary wada berýär. Praganyň we Wenanyň Roždestwo ýarmarkalary gaýtalanmajak baýramçylyk duýgusyny döreder.


Şäher başdangeçirmelerini gözleýänler üçin


Stambul gündogar ertekisi we Ýewropanyň özüne çekijiligi bilen täsir galdyrar, bu ýerde gadymy däp-dessurlar häzirki zaman baýramçylyk güýmenjeleri bilen utgaşýar. Çyralar şäheri Pariž romantiki Täze ýyl syýahaty üçin iň amatly ýer bolar, London bolsa sizi uly arzanladyşlar we baýramçylyk bezegleri bilen geň galdyrar.


Haýsy ugry saýlasaňyz hem «Turkish Airlines» aşakdakylary kepillendirýär


  • Stambulyň üsti bilen amatly sepleşme uçuşlary
  • soňky nesil rahat uçarlar
  • uçarda ýokary derejeli hyzmat
  • bronlamak üçin amatly şertler

Petekleri bronlamak we has giňişleýin maglumat almak üçin:


  • salgysy: G. Kuliýew köç., 39-njy jaý, «Ussat» binasy;
  • elektron poçta: askabatbiletsatis@thy.com;
  • telefon: (+993 61) 01 44 33;
  • web-saýt: turkishairlines.com.