Turkmenportal logo
30.11.24
4938949389
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Ýagşymyradow «PFL Gran-prisiniň» finalynda ýarym agyrlyk agram derejesi boýunça Kasanganaýany ýeňdi

Türkmenistanly garyşyk başa-baş söweş (MMA) boýunça söweşijisi Döwletjan Ýagşymyradow amerikan söweşijisi Impe Kasanganaýany «Professional Fighters League» (PFL) ýaryşynyň finalynda ýarym agyrlyk agram derejesinde ýeňmegi başardy.


Tutluşyk Saud Arabystanynyň Er-Riýad şäherinde «PFL 10. Finals» ýaryşynyň çäklerinde geçirildi we birinji raundda nokaut bilen tamamlandy.


Ýagşymyradowyň hasabynda indi 25 ýeňiş, ýedi ýeňiliş we bir deňme-deňlik bar. «Gran-pri» finalynda gazanan ýeňşi üçin türkmen türgeni bir million ABŞ-nyň dollary möçberindäki baýraga mynasyp bolar.


Kasanganaýanyň hasabynda 14 ýeňiş we bäş ýeňiliş bar.