Turkmenportal logo
25.11.24
2083120831
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan Eýrana täze ilçi belledi
Türkmenistan Eýrana täze ilçi belledi

Ylýas Akmuhammedowiç Gaýypow Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky (Tähran şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellenildi. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şu gün, 24-nji noýabrda degişli Permana gol çekdi. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi.

Şeýle-de döwlet Baştutanynyň gol çeken ýene bir Permany esasynda, Ylýas Akmuhammedowiç Gaýypowa Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçi diýen diplomatik dereje berildi.