Turkmenportal logo
18.11.24
2847828478
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Gerekli» 29-30-njy noýabrda White Friday — 70%-e çenli arzanladyş yglan edýär

«Gerekli» marketpleýsi her ýylda geçirilýän White Friday mega-arzanladyş günlerinde söwda etmäge çagyrýar! 29-30-njy noýabr günlerinde size haýran galdyryjy teklipler we dürli harytlary 70%-e çenli arzan bahadan satyn almak mümkinçiligi garaşýar.


White Friday arzanladyşynda size nämeler garaşýar?


- arzan bahadan hödürlenilýän harytlaryň köpdürli görnüşi. Hojalyk enjamlary, smartfonlar we aksessuarlar, kosmetika önümleri, elektronika, öý we howly üçin harytlar, kompýuterler, mebeller hem-de beýleki önümler — bularyň hemmesi 70%-e çenli arzanladyşda.


- White Friday arzanladyşyna girýän önümleri 12 aýa çenli garaşaryna almak mümkinçiligi. Garaşaryna söwda etmek bilen, artykmaç pul tölemezden täze harytlardan lezzet alyň.



Mundan başga-da, satyn alan harydyňyzyň tölegini «Gerekli» mobil goşundysy arkaly onlaýn tölemek bilen, siz awtomatiki usulda utuşly bäsleşige gatnaşýarsyňyz. Baýraklaryň hatarynda: 65" ölçegli «LG» telewizory, «LG» kir ýuwujy maşyny, «Samsung» gap-gaç ýuwujy maşyny, «Samsung» mikrotolkunly peji hem-de «Samsung» tozan sorujysy bar.


Aksiýa degişli bolan harytlaryň hemmesi ýörite döredilen White Friday bölüminde jemlener.


29-30-njy noýabr günlerini — senenamaňyzda aýratyn belläp goýuň! Öýüňiziň bezegini täzelemek ýa-da köpden bäri garaşýan harydyňyzy iň amatly bahadan satyn almak mümkinçiligini elden gidirmäň!


«Gerekli» mobil goşundysyny Google Play we App Store internet dükanlaryndan ýükläp alyp bolýar.