Turkmenportal logo
29.10.24
2482624826
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň demirgazygyndaky balyk kärhanasy howdanlara kiçijik balyjaklaryň 15 tonnasyny goýberdi
Türkmenistanyň demirgazygyndaky balyk kärhanasy howdanlara  kiçijik balyjaklaryň 15 tonnasyny goýberdi

«Ak durna» hususy kärhanasynyň hünärmenleri güýz pasylynyň gelmegi bilen, Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň suw howdan hojalygyna kepir, tüňňimaňlaý we amur ýaly süýji suwlarda ýaşaýan kiçijik balyjaklarynyň 15 tonnasyny goýberdi.


«Türkmenistan: Altyn asyr» saýtynyň habar berşi ýaly, häzirki zaman inkubatorlarynda ösdürilip ýetişdirilen 100 grama çenli agramy bolan kiçijik balyjaklar yzygiderli gözegçilik astynda emeli suw howdanynda agramlaryny artdyrarlar.


«Ak durna» hojalygynyň harytlyk balygy ösdürip ýetişdirmek üçin ýöriteleşdirilen enjamlar bilen üpjün edilen 5 sany häzirki zaman inkubatorlary, barlaghanasy, 8 sany howzy, Şawat we Görogly etraplarynda 2 sany suw howdan hojalygy bar. Bu ýerlerde zagara maşgalasyna degişli bolan balyklaryň ýylda azyndan 20 tonnasyny ösdürip ýetişdirilmegi meýilleşdirilýär.


Tebigy suw howdanlarynda senagat derejesindäki balyk tutmalar barada aýdylanda, kärhananyň birnäçe ýyl mundan ozal bäsleşik esasynda ozalky döwlet kärhanasy bolan «Daşoguzbalygy» öz hususy eýeçiligine geçiripdi we 29 sany motor gaýygy goşmak bilen, ýeterlik möçberde ýöriteleşdirilen tehnikalara eýe bolup durýar — diýip, saýtda bellenýär.