Turkmenportal logo
17.10.24
1391313913
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanda Wadim Massonyň we Wiktor Sarianidiniň doglan günleriniň 95 ýyllygy mynasybetli ylmy duşuşyk geçirildi
Türkmenistanda Wadim Massonyň we Wiktor Sarianidiniň doglan günleriniň 95 ýyllygy mynasybetli ylmy duşuşyk geçirildi

16-njy oktýabrda Änew şäherindäki Milli «Ak bugdaý» muzeýinde meşhur alymlar, arheologlar, Magtymguly adyndaky halkara baýragyň eýeleri Wadim Massonyň we Wiktor Sarianidiniň doglan günleriniň 95 ýyllygy mynasybetli «Türkmenistan — gadymy siwilizasiýalaryň ojagy» atly halkara ylmy duşuşyk geçirildi. TDH-nyň habar berşi ýaly, Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň guramagynda geçirilen foruma türkmen we rus alymlary gatnaşdylar. Italiýanyň, Çehiýa Respublikasynyň alymlary oňa sanly ulgam arkaly goşuldylar.


Ylmy duşuşygyň öňüsyrasynda oňa gatnaşyjylar türkmen halkynyň däp-dessurlarynyň özboluşlylygyny we köptaraplylygyny şöhlelendirýän sergi bilen tanyşdylar. Şeýle hem Türkmenistanyň medeni mirasynyň öwrenilişine bagyşlanan wideoşekiller görkezildi.


Çärä gatnaşyjylar häzirki wagtda Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirligi tarapyndan Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň iki instituty, ýagny Moskwanyň N.N.Mikluho-Maklaý adyndaky Etnologiýa we antropologiýa instituty hem-de Sankt-Peterburgyň Maddy medeniýetiň taryhy instituty bilen bilelikde döredilen türkmen-rus arheologik ekspedisiýalarynyň iş alyp barýandygyny bellediler.


Gadymy Marguşuň paýtagty Goňurdepe barada aýry-aýry çykyşlar diňlenildi. Bellenilişi ýaly, ady rowaýata öwrülen arheolog Wiktor Sarianidi 1972-nji ýylda türkmen kärdeşleri bilen bilelikde Goňurdepäniň üstüni açdy we bu ýerde gazuw-agtaryş işlerini geçirdi.


Forumyň çäklerinde myhmanlar açyk asmanyň astyndaky ýadygärlikler, hususan-da, gadymy Änew galasy we meşhur binagärlik toplumy bolan Seýit Jemaleddin ýadygärligi bilen tanyşdylar, şeýle hem olary ylmy esasda öwrenmek barada pikir alyşdylar.