Turkmenportal logo
12.10.24
1512215122
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Prezidenti Ispaniýa Patyşalygynyň Milli güni bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ispaniýanyň Patyşasy Filipp VI-a Ispaniýa Patyşalygynyň Milli güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada TDH habar berýär.


Bellenilişi ýaly, türkmen döwletiniň Baştutany ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Patyşa Filipp VI-a tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Ispaniýanyň ähli halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de öňegidişlik, gülläp ösüş arzuw etdi.