Turkmenportal logo
03.10.24
57695769
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Rim Papasy 7-nji oktýabry parahatçylyk üçin doga okalyş güni diýip yglan etdi
Surat: ria.ru

Rim Papasy Fransisk Rimdäki ybadathanada Bibi Merýemiň adyna parahatçylyk üçin doga okamak çäresini geçirmekçidigini yglan etdi. Ol Keramatly Pýotryň meýdançasynda ýepiskoplaryň sinodynyň açylmagy bilen bagly dabarada hemmeleri 7-nji oktýabrda «parahatçylygyň hatyrasyna doga okamaga we agyz beklemäge» çagyrdy diýip, TASS ýazýar.


Papa Fransisk öň hem dünýäde dowam edýän gapma-garşylyklar bilen baglylykda ynjalyksyzlanma bilidiripdi hem-de dünýä ýurtlaryny parahatçylyga çagyrypdy.