Ispaniýanyň Bunýol şäherinde nobatdaky «La Tomatina» festiwaly geçdi. Ol her ýylyň awgust aýynyň soňky çarşenbesinde geçirilýär.
Baýramçylygy baryp 1945-nji ýyldan bäri gurap gelýärler.
1980-nji ýyldan bäri festiwala zyňyşmak üçin pomidorlary şäheriň häkimiýetleri eltýär. Olar iýmek üçin ýaramsyz bolan ýumşak gök önüm bolup, ýörite festiwal üçin ýetişdirýärler.
Bu ýylky pomidor söweşine 22 müň adam gatnaşdy, olar üçin ýedi sany uly ýük ulagynda 150 tonna golaý pomidor getirildi diýip, «vfokuse.mail.ru» ýazýar.