Turkmenportal logo
28.08.24
1193011930
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanda Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine işjeň taýýarlyk görülýär

Türkmenistanyň Halk Maslahaty Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda hereket edýän halk häkimiýetiniň iň ýokary wekilçilikli edarasydyr. Şu günler ýurtda döwürleriň üznüksiz arabaglanyşygyny, nesilleriň dowamatlylygyny, türkmen halkynyň we döwletiniň öňden gelýän demokratik ýörelgelere ygrarlydygyny alamatlandyrýan umumymilli foruma --- Türkmenistanda Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine işjeň taýýarlyk görülýär. Bu barada TDH ýazýar.


Bellenilişi ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gol çeken Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň Kararyna laýyklykda, Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi şu ýylyň 24-nji sentýabrynda Aşgabat şäherinde, Maslahat köşgünde geçiriler. Ony ýokary derejede geçirmek maksady bilen, guramaçylyk komiteti döredildi. Häzirki wagtda ol degişli toplumlaýyn işleri amala aşyrýar.


Öňde boljak umumymilli forum, gürrüňsiz, Türkmenistan üçin taryhy ähmiýetli waka öwrüler. Oňa taýýarlyk görmek işleri hemişe giň jemgyýetçiligiň üns merkezinde durýar.


Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygynyň öňüsyrasynda geçiriljek Halk Maslahatynyň mejlisinde geçen döwürde alnyp barlan işleriň jemi jemlener, ýakyn we uzak möhletli geljek üçin ileri tutulýan wezipeler kesgitleniler, olary çözmegiň ýollary babatda tekliplere garalar. Häzirki wagtda ýurtda bu umumymilli forumy ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek boýunça degişli çäreler görülýär. Mejlisiň gün tertibini hem-de resminamalaryň taslamalaryny taýýarlamaga aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, türkmenistanlylara öňde boljak jemgyýetçilik-syýasy çäräniň ähmiýetini düşündirmek boýunça işler alnyp barylýar diýlip, çeşmede bellenilýär.