Turkmenportal logo
17.08.24
1077410774
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
MAFA - 2024, U-17: Türkmen ýygyndysynyň düzümi belli boldy

Türkmenistanyň futbol boýunça 17 ýaşa çenli ýetginjekler ýygyndysynyň Ahmed Allaberdiýewiň ýolbaşçylygyndaky tälimçiler düzümi ýygyndy toparyň Täjigistanyň Duşanbe şäherinde 17-24-nji awgust aralygynda geçiriljek Merkezi Aziýanyň Futbol assosiasiýasynyň çempionatyna gatnaşjak düzümini kesgitledi.


Ýygyndy toparyň düzüminde 23 futbolçy, şol sanda 3 derwezeçi, 8 goragçy, 9 ýarymgoragçy we 3 hüjümçi bar diýip, Türkmenistanyň Futbol federasiýasy habar berýär.


Ýetginjekleriň arasynda MAFA-2024 çempionatyna sebitiň 6 döwletiniň-Owganystanyň, Eýranyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň ýygyndylary gatnaşýar.


Ýaryşyň ähli duşuşyklary Duşanbe şäherindäki Merkezi respublikan stadionynda geçiriler. Bije çekişligiň netijesinde "B" toparça düşen Türkmenistanyň ýygyndysy 17-nji awgusta Özbegistanyň, 19-njy awgustda Eýranyň ýygyndylary bilen güýç synanyşar.


Türkmenistanyň ýetginjekler ýygyndysynyň MAFA-2024-de düzümi:


Derwezeçiler: Izat Erkinow, Atajan Ruslanow, Gökbatyr Myradow;


Goragçylar: Gurbangeldi Kanaýew, Hajymuhhammet Durdykakaýew, Kakamyrat Babaýew, Mikail Saparmuradow, Dawut Meredow, Ruslan Ýaýlymow, Eziz Myradlyýew, Orazýargylyç Orazow;


Ýarymgoragçylar: Muhammedaly Nasyrow, Medet Muhammedmuradow, Hudaýnazar Meredow, Begenç Wepalyýew, Süleýmannazar Gowşudow, Ýunus Kalinow, Ýagmyr Hojyýew, Emirhan Mätgurbanow, Annamuhammet Rejepow;


Hüjümçiler: Arslan Wepaýew, Weýsgeldi Orazdurdyýew, Mikael Stepanýan.


Tälimçiler düzümi:


Baş tälimçi: Ahmet Allaberdiýew


Toparyň Ýolbaşçysy: Muhammetgeldi Ýusupow


Toparyň lukmany: Dawud Babaýew


Tälimçi: Ahmet Agamuradow


Tälimçi: Daýançgylyç Orazow


Tälimçi: Aleksandr Sidorow


Derwezeçileriň tälimçisi: Nariman Garajew


Administrator: Kiçigul Kiçigulow.