Turkmenportal logo
16.08.24
1428214282
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatda 19-njy awgustda «Kids Expo: hemme zat çagalar üçin» atly halkara sergi başlanar

19-njy awgustda Aşgabatda «Kids Expo: hemme zat çagalar üçin» atly halkara serge-ýarmarkasy öz işine başlar.


Çagalar sergisi ilkinji gezek Türkmenistanyň paýtagtynda guralýar we onuň çagalar harytlary we hyzmatlary pudagynda möhüm waka öwrüljekdigini aýtmak gerek.


«Neýtralnyý Turkmenistan» gazetinde berilýän habara görä, sergi-ýarmarka Aşgabat şäheriniň A.Nyýazow şaýoly bilen Hoja Ahmet Ýasawy köçesiniň çatrygyndaky salgyda, «Garagum» myhmanhanasynyň aňyrsyndaky sergi meýdançasynda geçiriler.


Serginiň açylyş wagty:


19-njy awgust — 08:30-dan 20:00-a çenli;
20-nji awgust — 10:00-dan 20:00-a çenli;
21-nji awgust — 10:00-dan 20:00-a çenli;
22-nji awgust — 10:00-dan 15:00-a çenli.


Habarlaşmak üçin telefon belgileri: (+99312) 39-88-70, 39-88-84 (83) (82).


Mundan ozal türkmen kompaniýalarynyň çagalar harytlarynyň ilkinji halkara sergi-ýarmarkasyna çagyrylandygyny habar beripdik.