Turkmenportal logo
25.07.24
1798117981
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Süleýman Muhadow "Alaý" topary bilen şertnama baglaşdy

Oş şäheriniň "Alaý" topary türkmenistanly futbolçy Süleýman Muhadow bilen şertnama baglaşandygyny yglan etdi.


"Hoş geldiň, Süleýman!" - diýip, klubyň metbugat gullugynyň beýanatynda aýdylýar.


30 ýaşly hüjümçiniň täze şertnamasy şu möwsümiň soňuna çenli hereket eder.


Ozal Muhadow Kant şäheriniň "Abdyş-Ata" toparynda çykyş edipdi. Mundan başga onuň "Altyn asyr", "Ahal", "Istiqlol", "Hudžand", "CSKA" we "Dordoý" ýaly toparlaryň düzüminde çykyş eden tejribesi bar.


Häzirki wagtda "Alaý" Gyrgyzystan Premýer-Ligasynda 4-nji orny eýeleýär. Toparyň 15 oýunda 26 utugy bar. Turnir tablisasynyň birinjiligini "Abdyş-Ata" (39 utuk) eýeleýär, ondan soň "Dordoý" (37) we "Muras Ýunaýted" (26) gelýär.