Turkmenportal logo
22.07.24
1738117381
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Muhadow «Abdyş-Ata» bilen şertnamasyny ýatyrdy

Gyrgyzystanyň «Abdyş-Ata» futbol kluby bilen türkmenistanly hüjümçi Süleýman Muhadowyň arasyndaky şertnama ikitaraplaýyn ylalaşyk esasyna ýatyryldy.


«Abdyş-Ata» FK bilen Süleýman Muhadowyň arasyndaky şertnama taraplaryň özara razylygy bilen ýatyryldy. Toparyň üstünliklerine goşan goşandy hem-de klubumyza wepalylygy üçin Süleýmana tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirýäris» diýlip, toparyň metbugat gullugy tarapyndan berlen beýanatda bellenilýär.


Maglumat üçin, S.Muhadow «Abdyş-Atanyň» düzümine 2024-nji ýylyň fewral aýynda goşulypdy. Süleýman gyrgyz toparynyň düzüminde AFK Kubogynyň 2023/24-nji ýylky möwsüminde bürünç medala mynasyp boldy.


Häzirki wagtda 30 ýaşly hüjümçiniň transfer bahasy 75 müň ýewro möçberinde bahalanýar.