Turkmenportal logo
20.07.24
1243412434
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Integral mikroshemalaryň topologiýalary bilen bagly ýygymlary tölemegiň tertibi we möçberleri tassyklandy

Türkmenistanda integral mikroshemalaryň topologiýalaryny döwlet belligine almak bilen baglanyşykly hereketleriň amala aşyrylmagy üçin ýygymlary tölemegiň tertibi hem-de degişli ýygymlaryň möçberleri tassyklandy. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bu baradaky Karara şu gün, 19-njy iýulda sanly ulgam arkaly geçiren Hökümet mejlisiniň barşynda gol çekdi.


Resminama «Integral mikroshemalaryň topologiýalarynyň hukuk goragy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, integral mikroshemalaryň topologiýalarynyň hukuk goragy we peýdalanylmagy bilen bagly gatnaşyklary düzgünleşdirmek maksady bilen kabul edildi.