Turkmenportal logo
17.07.24
1146411464
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Alymlar günüň dowamlylygynyň uzalmagynyň sebäbini anykladylar

Howanyň üýtgemegi günüň dowamlylylygynyň uzalmagyna getirdi. Muňa «Proceedings of the National Academy of Sciences (PNAS)» ylmy žurnalynda çap edilen ylmy-barlaglaryň netijeleri güwä geçýär diýip, «Gazeta.ru» ýazýar.


Ylmy makala görä, soňky onýyllyklarda howanyň üýtgemegi buzluklaryň hem-de buz galkanlaryň eremeginiň çaltlanmagyna getirdi, bu bolsa, öz gezeginde deňziň derejesiniň ýokarlanmagyna we suwlaryň guşaklyklardan ekwatora tarap ýerini üýtgetmegine sebäp boldy. Bu hem öz nobatynda 1900-njy ýyldan bäri günüň uzalmagyny görnetin artdyrdy.


Ylmy-barlaglarda ortaça wagt üýtgemeginiň ýüzýyllykda bir millisekuntdan sähel artyk bolandygy bellenýär. Häzir Ýerde günüň dowamlylygy 86,4 müň sekunda deňdir.