Turkmenportal logo
08.07.24
80448044
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň täze Premýer-ministrini gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan jenap Kir Starmeri Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Premýer-ministri wezipesine girişmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlady. Bu barada TDH habar berýär.


Habarda bellenilişi ýaly, döwlet Baştutany Türkmenistanda iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklara ýokary baha berilýändigini beýan edip, bu gatnaşyklaryň iki halkyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine we pugtalandyryljakdygyna berk ynam bildirdi.


Prezident Serdar Berdimuhamedow, mümkinçilikden peýdalanyp, Premýer-ministr Kir Starmere tüýs ýürekden berk jan saglyk, Beýik Britaniýanyň dostlukly halkynyň öňe gitmegine hem-de gülläp ösmegine gönükdirilen ähli başlangyçlarynda uly üstünlikleri arzuw etdi.