Turkmenportal logo
06.07.24
1280812808
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Hindistandaky türkmen ilçisi, şol bir wagtda, Nepalda hem diplomatik wezipäni ýerine ýetirer

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtda, Türkmenistanyň Nepaldaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi (oturýan ýeri Nýu-Deli şäheri) wezipesine bellenildi. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şu gün --- 5-nji iýulda degişli Permana gol çekdi. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi.