Turkmenportal logo
02.07.24
3347033470
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Awtomobil ulag hyzmaty» AGPJ awtobus sürüjileri üçin boş iş orunlaryny yglan edýär

«Awtomobil ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tejribeli awtobus sürüjilerini işe çagyrýar.


Işe dalaşgärlere bildirilýän talaplar 8-den köp adam daşalýan ýolagçy awtoulaglary dolandyrmaga mümkinçilik berýän D derejeli sürüjilik şahadatnamasynyň, şeýle hem iş tejribesiniň bolmagyny öz içine alýar. Talaplara doly laýyk gelýän sürüjiler «Hyundai» hem-de «Toyota» kysymly awtobuslarda işlärler.


Isleg bildirýänler şu salga ýüz tutup bilerler: Aşgabat ş., Çoganly ýaşaýyş toplumy, Atamyrat Nyýazow şaýoly, 422-nji bina (Halkara awtomenzil).


Goşmaça maglumat almak üçin: 44-35-38 ýa-da 44-35-20 telefon belgileri arkaly habarlaşmak bolýar.