Turkmenportal logo
24.06.24
92119211
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Ýewro ― 2024: Germaniýa Şweýsariýa bilen deňme-deň oýnady, Wengriýa Şotlandiýany ýeňdi

Germaniýanyň futbol boýunça milli ýygyndysy Ýewropanyň çempionatynyň üçünji tapgyrynda Şweýsariýanyň ýygyndysy bilen 1:1 hasabynda deňme-deň oýnady. Duşuşyk Maýn boýundaky Frankfurt şäherinde geçirildi.


Şeýlelikde, nemes ýygyndysy toparçalaýyn tapgyry 7 utuk bilen tamamlady. 5 utukly Şweýsariýa hem ikinji orny eýeläp, ýaryşyň indiki tapgyryna çykdy. Indi olar 1/8 finaldaky garşydaşlaryna garaşýarlar.


«A» toparçadaky ugurdaş duşuşykda Wengriýa Şotlandiýany 1:0 hasabynda ýeňdi. Şeýlelikde, toparçalaýyn tapgyrda 3 utuk toplan Wengriýa pleý-off tapgyryna çykmaga bolan mümkinçiligine garaşar. Şotlandiýa bolsa üç duşuşykda 1 utuk toplap, ýaryş bilen hoşlaşdy.