Turkmenportal logo
22.06.2024
1192411924
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Kömürturşy gazynyň howa taşlanýan möçberi artýar

2023-nji ýylda atmosfera taşlanan kömürturşy gazynyň möçberleri rekord derejä ýetdi, ýagny 40 milliard tonna deň boldy diýip, «Energy Institute» edarasyna salgylanýan «Daryo.uz» ýazýar.


Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň ulanylyşynyň artýandygyna garamazdan, uglewodorod gorlaryna isleg artýar. Şunlukda, geçen ýylda uglewodorodlaryň sarp edilişi 1,5 göterim artyp, 505 eksadžoula deň boldy, bu bolsa, CO2-niň galyndylarynyň artmagyna getirdi.


Kömrüň sarp edilişi 1,6 göterim artdy, nebitiň sarp edilişi günde 100 mln barrele deň boldy.


Öň «Googleniň» ýeriň töweregindäki giňişlikde zyýanly galyndylary yzarlamak üçin emeli hemrany işläp düzýändigi habar berildi.