Turkmenportal logo
22.06.24
2947729477
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Döwletjan Ýagşymyradow eminleriň biragyzdan gelen karary esasynda Biýongy ýeňlişe sezewar etdi

Türkmen türgeni Döwletjan Ýagşymyradow ABŞ-nyň Solt-Leýk-Siti şäherinde geçirilen «PFL 5» turnirinde kamerunly Simon Biýongy ýeňlişe sezewar etdi.


Tutluşyk doly üç raund dowam edip, eminler biragyzdan (30-27, 30-27, 30-27) Döwletjan Ýagşymyradowyň ýeňiş gazanandygyny yglan etdiler. Bu ýeňiş arkaly Döwletjan ýarym agyr agramda «PFL-iň» Gran-pri turniriniň pleý-off tapgyryna ýollanma aldy.


Häzirki wagtda Döwletjanyň hasabynda 23 ýeňiş, 7 ýeňliş we 1 deňlik bar. Biýong bolsa 14-nji tutluşygynda 5-nji gezek ýeňlişe sezewar boldy.