Turkmenportal logo
10.06.24
2188021880
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkiýede çakdanaşa yssy howanyň boljakdygyny duýdurdylar
Surat: gazeta.ru

Türkiýede iýul-awgust aýlarynda rekord derejede yssy howa bolup biler. Bu barada Stambulyň tehniki uniwersitetiniň meteorology, professor Orhan Şen habar berdi diýip, «RIA Nowosti» ýazýar.


Şen 2023-nji ýylda Stambulda termometrleriň sütüniniň 1936-njy ýylda hasaba alnan +40,6 gradus görkezijiden hem geçendigini, ýagny +41,3 gradusa deň bolandygyny ýatlady. Ol şol günüň soňky 85 ýylda iň yssy gün bolandygyny aýtdy.


«Bu ýyl +42 — 43 gradus bolaýsa gerek. Taýýarlyk görüberiň!» diýip, Şen duýdurdy.