Turkmenportal logo
08.06.24
2393323933
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Çapar Pay»: täze funksiýaly täzelenen goşundy

Öňler «Çapar» ady bilen meşhur bolan «Çapar Pay» mobil goşundysy dizaýnyny täzeledi, logotipini üýtgetdi hem-de bar bolan funksiýalarynyň sanawyny giňeltdi.


Indi siz «Çapar Pay» goşundysyny şu maksatlar üçin peýdalanyp bilersiňiz:


  • Ýol hereketiniň düzgün bozulmalary üçin töleg etmek: ýol hereketiniň düzgün bozulmalaryny yzarlaň we olaryň tölegini tiz hem amatly usulda geçiriň;
  • Jemagat hojalygy hyzmatlaryna töleg geçirmek: jemagat hojalygy hyzmatlary üçin ýeňil görnüşde töleg ediň;
  • «Belet» hyzmatynyň tölegini tölemek: birnäçe düwmä basyp, «Belet» platformasyndaky hasabyňyzy dolduryň;
  • «Älem» hemra telewideniýesine töleg etmek: «Çapar Pay» goşundysyndan peýdalanyp hasabyňa töleg geçirip, islendik teleýaýlymdan lezzet alyň.

Ýol hereketiniň düzgün bozulmalaryna, jemagat hojalygy hyzmatlaryna, «Belet», «Älem» platformalaryna, internete we mobil aragatnaşygyna töleg etmekden başga-da, «Çapar Pay» goşundysynda ýakyn wagtda Türkmenistanyň içerki howa gatnawlarynyň awiapeteklerini satyn almak üçin bölümçe giriziler.


Täzelenmeden soň, «Çapar Pay» mobil goşundysy ulanmak üçin has-da oňaýly we köp funksiýaly boldy. Goşundynyň interfeýsi ýönekeý we düşnüklidir.


«Çapar Pay» goşundysynyň täzelenmesini şu internet dükanlaryndan ýükläp alyň: