Turkmenportal logo
07.06.24
1525115251
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Wenada Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 12-nji mejlisi geçirildi
Surat: turkmenistan.gov.tm

5-nji iýunda Wenada Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 12-nji mejlisi geçirildi. Mejlisde türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy Mergen Gurdow başlyklyk etdi. Mejlise iki ýurduň hökümet we işewür toparlarynyň 70-den gowrak wekilleri gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.


Habarda bellenilişi ýaly, mejlisiň gün tertibine laýyklykda, taraplar senagatda innowasion tehnologiýalar, energetika, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri, ekologik taslamalar we galyndylaryň dolandyrylyşy, gurluşyk hem-de ulag infrastrukturasy, hyzmatlar ulgamy, saglygy goraýyş, derman senagaty, oba hojalygy we oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek ýaly ugurlarda döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.


Duşuşyga gatnaşyjylar mejlisiň dowamynda täze gazanylan ylalaşyklaryň özara bähbitli gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegini üpjün etjekdigine ynam bildirdiler.


Mejlisiň jemleri boýunça degişli Teswirnama gol çekildi.


Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň işiniň çäklerinde iki ýurduň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, şeýle hem Türkmenistanyň işewür toparlarynyň agzalarynyň, Awstriýa Respublikasynyň kompaniýalarynyň wekilleriniň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi diýlip, habarda bellenilýär.