Turkmenportal logo
04.06.24
98579857
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň futzal boýunça Naýbaşy ligasy Aşgabatda dowam edýär

Şu gün türkmen paýtagtynda futzal boýunça Naýbaşy liganyň duşuşyklary 8-nji tapgyr bilen dowam etdiriler.


Paýtagtdaky duşuşyklaryň açylyş tapgyrynda «Turan» bilen «Köpetdag», «Deňizçi» bilen «Migrasiýa», TNGIZT bilen «Senagatbank» güýç synanyşar.


Häzirki wagtda «Senagatbak» 21 utuk bilen ýaryş tertibiniň başyny çekýär. Ikinji orundaky «Deňizçi» ondan 3 utuk yzda. Öňdebaryjylaryň üçlügini 10 utukly «Köpetdag» jemleýär.