Turkmenportal logo
03.06.24
1265312653
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
RF-iň Türkmenistandaky ilçisi Iwan Wolynkin köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy

Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçisi Iwan Wolynkin şu gün Aşgabatda guralan köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy.


Russiýa Federasiýasynyň Aşgabatdaky diplomatik wekilhanasynyň habar bermegine görä, bu sport çäresine RF-iň Türkmenistandaky ilçihanasynyň işgärleri hem gatnaşdylar.


Ýeri gelende ýatlatsak, Bütindünýä welosiped güni mynasybetli guralan köpçülikleýin welosipedli ýörişe Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hem gatnaşdy.


Bütindünýä welosiped güni BMG Baş Assambleýasy tarapyndan 2018-nji ýylda Türkmenistanyň başlangyjy bilen yglan edildi. Onuň esasy maksady, daşky gurşawa aýawly çemeleşmegi we sagdyn durmuş ýörelgesini ýaýbaňlandyrmak üçin elýeterli we ygtybarly ulag görnüşi hökmünde welosipedden peýdalanmagy wagyz etmekden baratdyr.


Bütindünýä welosiped güni her ýyl Türkmenistanda giňden bellenilýär: bu sene mynasybetli paýtagtda hem-de welaýatlarda giň gerimli sport we medeni çäreler geçirilýär.