Turkmenportal logo
28.05.2024
1115611156
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Habar beriş serişdeleri: Ahmadinežad Eýranyň Prezidentiniň saýlawlaryna gatnaşmaga taýýar

Eýranyň öňki Prezidenti Mahmud Ahmadinežad 28-nji iýunda geçjek möhletinden öňki Prezident saýlawlaryna gatnaşmakçydygy barada beýanat berdi diýip, «Asriran» habarlar gullugyna salgylanýan «Kun.uz» habar berdi.


Mahmud Ahmadinežad Eýran Yslam Respublikasynyň altynjy Prezidenti bolup, 2005-2013-nji ýyllarda bu wezipäni eýeledi. Ýurduň Parlamentindäki tarapdarlary Ahmadinežady «ýurtda iň meşhur syýasatçylaryň biri» hökmünde häsiýetlendirip, ony saýlawlarda goldajakdygyny mälim etdiler.


Parlamentiň deputaty Ahmad Alirza Beýgi: «Eger Mahmud Ahmadinežad Prezident saýlawlaryna gatnaşsa, ol ýeňer» diýip, beýanat berdi diýlip, habarda bellenýär.


Prezident saýlawlaryna gatnaşmak isleýän dalaşgärler Eýranyň Synçy geňeşi- saýlawlarda Konstitusion synçy edara tarapyndan tassyklanmalydyr.