Turkmenportal logo
17.05.24
1501815018
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatda me­de­ni­ýet mi­nistr­le­ri de­re­je­sin­de hal­ka­ra mas­la­ha­ta badalga berildi

Şu gün Aşgabatda Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň dog­lan gü­nü­niň 300 ýyl­ly­gy­na ba­gyş­la­nyp, me­de­ni­ýet mi­nistr­le­ri de­re­je­sin­de hal­ka­ra mas­la­ha­ta badalga berildi. Çärä paýtagtyň «Ýyldyz» myhmanhanasynda geçirilýär. Myhmanhananyň kabulhanasynda ýörite sergi guraldy. Kitap stendlerinde türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň eserleri, şol sanda Magtymguly Pyragynyň goşgular ýygyndysy görkezilýär.


Maslahata gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidentiniň dabara mynasybetli iberen Gutlagyny uly ruhubelentlik bilen garşyladylar.


Maslahata Aziýa, Ýewropa ýurtlarynyň, BMG, TÜRKSOÝ, GDA we beýleki halklara guramalaryň wekilleri gatnaşýar.


Agşam Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumynyň açylmagy meýilleşdirilýär diýlip, «Нейтральный Туркменистан» gazetiniň elektron sahypasynda habar berildi.