Turkmenportal logo
16.05.24
1978219782
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Tatarystana sapary başlandy
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Tatarystana sapary başlandy

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow sapar bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Kazan şäherine bardy.


Ozal habar berşimiz ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri saparynyň çäklerinde «Russiýa – Yslam dünýäsi: KazanForum-2024» atly XV halkara foruma gatnaşar


Türkmenistanyň ýokary derejeli wekiliýetini Kazanyň halkara howa menzilinde Tatarystanyň Baştutany Rustam Minnihanow we beýleki resmi adamlar garşyladylar.


Tatarystanyň Baştutanynyň Metbugat gullugynyň habar bermegine görä, Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu gün Kazan Kremlinde Rustam Minnihanow bilen duşuşmagyna garaşylýar.