Turkmenportal logo
13.05.24
1329113291
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Ähli döwürleriň iň oňat maýadarlarynyň biri Jim Saýmons aradan çykdy
Surat: ren.tv

«Renaissance Technologies» hetj-gaznasynyň eýesi we milliarder Jim Saýmons 87 ýaşynda aradan çykdy, Saýmonsy maýa goýmagyň ussady diýip atlandyrýardylar diýip, onuň gaznasynyň habarynda aýdylýar.


1982-nji ýylda massaçusetsli Jim Saýmons «Renaissance Technologies» maýa goýum gaznasyny esaslandyrdy we biržada söwda etmek üçin matematiki algoritmi peýdalanyp başlandy. Ol ilkinji bolup, nyrhlaryň üýtgeýşini deslapdan çaklamakda bazaryň san seljerişini ulandy.


«The Economist» neşiri Saýmonsy ähli döwürleriň iň oňat maýadary diýip atlandyrdy.


Öň «Forbes» žurnaly 2023-nji ýylda dünýäde 21 milliarderiň aradan çykandygyny habar berdi, olaryň ýarysyna golaýy 90 ýaşdan ýokarydyr.