Turkmenportal logo
09.05.24
1380513805
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
ÝÇL-iň finalynda «Real» bilen «Borussiýa» duşuşar

Madridiň «Real» kluby ÝÇL-iň ýarym finalynyň jogap oýnunda Mýunheniň «Bawariýasyny» ýeňlişe sezewar etdi. «Santýago Bernabeuda» geçirilen oýun 2:1 hasabynda ýer eýeleriniň peýdasyna tamamlandy.


Ýer eýeleriniň düzüminde iki gola hem ätiýaçdan oýna goşulan Hoselu (88, 91) awtorlyk etdi. «Bawariýanyň» düzüminde bolsa Alfonso Dewis (68) tapawutlandy. Bu toparlaryň arasynda Mýunhende geçirilen deslapky oýun 2:2 hasabynda deňlikde tamamlanypdy.


Şeýlelikde, «Real» finalda Dortmundyň «Borussiýasy» bilen duşuşar. Dortmundlylar ýarym finalda «PSŽ» toparyny (1:0, 1:0) ýaryşdan çykardylar.


ÝÇL-iň finaly 1-nji iýunda London şäherindäki «Uembli» stadionynda bolup geçer.