Turkmenportal logo
30.04.24
1041510415
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretaryna gutlag iberdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişe 75 ýaş toýy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada TDH habar berýär.


--- Siziň parahatçylygy berkitmäge, ählumumy howpsuzlygy üpjün etmäge, ähli ýurtlaryň durnukly we ýokary depginlerde ösmegi üçin şertleri döretmäge gönükdirilen halkara işiňiz uly hormata mynasypdyr --- diýip, türkmen döwletiniň Baştutany hatynda belledi.


Şeýle-de Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen ýakyndan hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny tassyklady.


Pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişe berk jan saglyk, bagtyýarlyk, ähli başlangyçlarynda uly üstünlikleri arzuw etdi.