Turkmenportal logo
29.04.24
1055210552
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy ICIEC-iň müdiri bilen duşuşdy
Surat: newscentralasia.net

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarow Er-Riýadda Yslam maýa goýum ätiýaçlandyryşy we eksport karz korporasiýasynyň (ICIEC) müdiri Ussama Kaýsi bilen gepleşik geçirdi.


Duşuşyk 27 — 30-njy aprelde Er-Riýadda geçiriljek Yslam Ösüş Banky Toparynyň (IDB) ýyllyk ýygnaklarynyň çäginde geçirildi.


ICIEC-iň habaryna görä, Jepbarow we Kaýsi energetika pudagyndaky hyzmatdaşlyk mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar. Hususan-da, Türkmenistan howanyň üýtgemegi we daşky gurşaw meseleleri bilen baglanyşykly taslamalarda


ICIEC bilen bilelikde hyzmatdaşlyk etmäge, şeýle hem durnukly geljegi üpjün etmek borjuna ygrarlydygyny tassyklady.


Türkmenistan 2019-njy ýyldan bäri ICIEC-iň agzasydyr.