Turkmenportal logo
26.04.24
1378913789
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Alymlar: Çagalaryň ene-atalaryna meňzeşdigi baradaky gürrüň dogry däl

Çaganyň häsiýetini ene-atasynyň häsiýetlerinden ugur alyp öňünden kesgitlemek mümkin däl. Köpler «Kakasy nähili bolsa, ogly-da şonuň ýaly» diýen söze ynanýarlar, sebäbi olar çaganyň häsiýeti barada ene-atasyna garap baha berýärler. Emma Şotlandiýanyň Edinburg uniwersitetiniň alymlary çaganyň şahsy häsiýetini onuň ene-atasyna baha berip, kesgitlemek ýalňyş diýen netijä geldiler.


Bu barada «Daily Mail» neşirine salgylanýan «Mail.ru» ýazýar.


Ylmy barlaglara 1 müň adam (ene-atalaryň 500 jübüti) gatnaşdyryldy. Olar özleriniň häsiýetleri, şeýle-de durmuşdan kanagatlanma derejesi barada gürrüň berdiler. Barlaglara gatnaşanlaryň häsiýetleridir endikleri baradaky olaryň ýakynlarynyň hem pikirleri diňlenildi.


Görlüp oturylsa, şahsy häsiýetleriň miras geçijiligi bary-ýogy 40 göterim töweregi eken. Ýagny çagalaryň 60 göterimden gowragy öz ene-atalaryna düýbünden meňzemeýär.


Şeýle-de alymlaryň pikiriçe, çaganyň häsiýetiniň terbiýä hem-de ýaşaýan gurşawyna baglydygy baradaky garaýyş hem ýalňyş bolup çykdy, ýagny ene-atasy bilen bile ýaşamak çagany olara meňzeş etmeýär.