Turkmenportal logo
22.04.24
1305413054
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynda GDA-nyň Baş sekretarynyň birinji orunbasary kabul edildi

20-nji aprelde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministri Raşid Meredowyň Türkmenistana iş sapary bilen gelen GDA-nyň Baş sekretarynyň birinji orunbasary Leonid Anfimow bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.


Habarda bellenilişi ýaly, duşuşygyň barşynda GDA-nyň agza döwletleriniň arasynda syýasy, ykdysady, sport, ekologiýa we medeni-ynsanperwer ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.


2024-nji ýylda GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň çäklerinde geçirilýän çärelere türkmen tarapynyň gatnaşmagy bilen baglanyşykly meselelere hem seredildi.


Şeýle hem duşuşygyň gün tertibi şu ýylyň maý aýynda Aşgabat şäherinde geçiriljek Garaşsyz Döwletler Arkalaşygynyň Hökümet baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine taýýarlyk meselelerini öz içine aldy.