Turkmenportal logo
21.04.24
1348013480
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
7-nji iýulda Türkmenistanyň Mejlisiniň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň degişli okruglary boýunça saýlawlar geçiriler

«Türkmenistanyň Mejlisiniň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň saýlaw okruglary boýunça saýlawlary bellemek hakynda» Türkmenistanyň Mejlisiniň karary kabul edildi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.


Bellenilişi ýaly, karar Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 4-nji we 85-nji maddalaryna laýyklykda kabul edildi.


Kararda Aşgabat şäheriniň 1-nji «Garaşsyzlyk», 2-nji «Bitaraplyk» we 6-njy «Köpetdag» saýlaw okruglary boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň möhletinden öň çykyp gidendikleri bilen baglylykda, şol saýlaw okruglary boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlaryny 2024-nji ýylyň 7-nji iýulyna, ýekşenbe gününe bellemelidigi barada aýdylýar.