Turkmenportal logo
17.04.24
77297729
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Si Szinpin Pekinde Olaf Şols bilen duşuşdy
Surat: trend.az

Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin Pekinde Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Kansleri Olaf Şols bilen duşuşdy. Döwlet ýolbaşçylary ýurduň paýtagtyndaky Dýaoýuýtaý döwlet kabulhanasynda duşuşdylar diýip, «Trend.az» habar berýär.


Şols HHR-de geçen annadan bäri üç günlük resmi sapar bilen bolýar, bu Kansleriň Hytaýa ikinji saparydyr. German wekiliýetiniň düzüminde daşky gurşaw, oba hojalyk we ulag ulgamlaryna ýolbaşçylyk edýän ministler, şeýle-de Siemens, BMW we Mercedes-Benz ýaly öňdebaryjy nemes kompaniýalarynyň wekilleri bar.