Turkmenportal logo
13.04.24
117322117322
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen pälwany Ýagşymyradow PFL 2 ýaryşynda sloweniýaly Nedony tehniki nokaut bilen ýeňdi

12-nji aprelden 13-nji aprele geçilýän gijede ABŞ-yň Las-Wegas şäherinde PFL-niň 2024-nji ýyldaky adaty möwsüminiň ikinji ýaryşy geçirildi.


«The Theater at Virgin Hotels» arenasynda geçirilen tutluşyklarda Bellatordan PFL-e geçen türkmenistanly pälwan Döwletjan Ýagşymyradow sloweniýaly Jeýkob Nedony ýeňdi.


Tutluşyk birinji raundda türkmen pälwanynyň tehniki nokauty bilen tamamlandy.


34 ýaşly Döwletjanyň bu ýeňşi professional karýerasynda yzly-yzyna dördünji we PFL ýaryşyndaky ilkinji üstünligidir. Indi Döwletjanyň hasabynda 22 ýeňiş, 7 ýeňliş we 1 deňlik bar.