Aşgabatda geçiriljek hokkeý boýunça halkara ýaryşda paýtagty ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryndan saýlanyp alnan meýletinçileriň 200-si işlär.
Şu günler Türkmenistanyň Bilim ministrligi we Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti tarapyndan meýletinçileri taýýarlamak işleriniň ahyrky tapgyry alnyp barylýar.
Meýletinçileriň her biriniň jogap berýän ugurlary bolup, şolaryň bir bölegi akkreditasiýa kartlarynyň resmileşdirilişine, beýleki bir bölegi daşary ýurtly myhmanlara hem-de türgenlere ýardam etmäge, birnäçesi bolsa lukmançylyk toparlaryna goldaw bermäge gatnaşar.
Aşgabatdaky Gyşky oýunlar sport toplumynda geçiriljek halkara ýaryşyň 15-nji aprelde başlanyp, 20-nji aprele çenli dowam etjekdigini ýatladýarys.
