Turkmenportal logo
10.04.24
1105011050
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň iň güýçli tennisçileri belli boldy

1 — 6-njy aprel aralygynda Aşgabatdaky Olimpiýa şäherçesinde geçirilen tennis boýunça Türkmenistanyň çempionatyna 100-den gowrak türgen gatnaşdy ― diýip, «Salamnews» habar berýär.


Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti, Tennis federasiýasy hem-de Aşgabat şäheriniň häkimligi tarapyndan guralan ýaryş ýekelikde we jübütleýin görnüşde geçirildi.


Erkekleriň arasynda geçirilen ýekelikdäki ýaryşyň ýeňijileri:


1. Meýlis Orazmuhammedow;


2. Ýuriý Rogusskiý;


3. Hajymyrat Çaryýew.


Zenanlaryň arasynda geçirilen ýekelikdäki ýaryşyň ýeňijileri:


1. Aişa Bikbulatowa;


2. Rožan Karajaýewa;


3. Merýem Muhammedowa.


Erkekleriň arasynda geçirilen jübütleýin ýaryşyň ýeňijileri:


1. Hajymyrat Çaryýew / Meýlis Orazmuhammedow;


2. Ýuriý Rogusskiý / Isgender Ýagmyrow.


Zenanlaryň arasynda geçirilen jübütleýin ýaryşyň ýeňijileri:


1. Aişa Bikbulatowa / Merýem Muhammedowa;


2. Jennet Çaryýewa / Aýnur Annamyradowa.


Türkmenistanyň geljegi uly bolan tennisçileriniň ýene biriniň — Ilima Guseýnowanyň bolsa häzirki wagtda 7 — 13-nji aprel aralygynda Malaýziýada geçýän «ITF 14&Under development championships 2024 — finals» ýaryşyna gatnaşýandygyny bellemek gerek.