Turkmenportal logo
04.04.24
3304733047
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Arkadag we Hujand doganlaşan şäherlere öwrüldi
Arkadag we Hujand doganlaşan şäherlere öwrüldi

Türkmenistanyň ilkinji «akylly» şäheri Arkadag we Täjigistanyň iň gadymy şäherlerinden biri bolan Hujand doganlaşan şäherler statusyny aldy. Bu barada TDH habar berýär.


Bellenilişi ýaly, Arkadag we Hujand şäherleriniň arasynda doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak barada Arkadag şäheriniň häkimligi (Türkmenistan) bilen Hujand şäheriniň döwlet häkimiýetiniň ýerine ýetiriji edarasynyň (Sugt oblasty, Täjigistan Respublikasy) arasyndaky Ylalaşyga türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň arasynda geçirilen ýokary derejedäki gepleşiklerden soňra gol çekildi.


Belläp geçsek, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň arasynda geçirilen gepleşikleriň netijeleri boýunça dürli ugurlarda türkmen-täjik hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga gönükdirilen başga-da birnäçe möhüm ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi.